“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Holand het-trikleriniň sany boýunça Ronaldu bilen deňleşdi

  • 04.10.2022 12:06
  • 11573
“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Holand het-trikleriniň sany boýunça Ronaldu bilen deňleşdi

“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand het-trikleri amala aşyrmagyň tizligi boýunça “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy Kriştianu Ronaldunyň üstünliginden öňe geçdi. Bu barada BR Football habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Norwegiýaly futbolçy Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) sekiz oýnunda üç het-trik etdi. Şeýle het-trikleri ýerine ýetirmek üçin portugaliýaly hüjümçä bolsa APL-de 232 oýun gerek boldy.
Ýatlap geçsek, “Mançester Siti” “Mançester Ýunaýtedi” 6:3 hasabynda utdy. “Man Sitiniň” düzüminde Erling Holand bilen Fil Foden het-trik amala aşyrdy. “Mançester Ýunaýtediň” düzüminde bolsa Antoni Marsýal iki gol geçirdi, ýene bir goly öz hasabyna Antoni ýazdy.
“Siti” 20 utuk gazanyp, sekiz tapgyrdan soň APL-iň turnir jedwelinde ikinji orny eýeleýär. Indiki tapgyrda ol öýünde “Sautgempton” bilen oýnar.


şu gün 13:46
110

Tomas Tuhel möwsümiň ahyrynda “Bawariýadan” gidýär

Germaniýaly Tomas Tuhel metbugat konferensiýasynda möwsümiň ahyrynda Mýunheniň “Bawariýasynyň” baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini aýtdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär. Ilkibaşda Tuheliň “Bawariýa” bilen...

şu gün 12:49
3071

Messiniň ilkinji şertnamasy ýazylan kagyz süpürgiç tas 1 million dollara satyldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň Ispaniýanyň “Barselonasy” bilen ilkinji şertnamasy ýazylan kagyz süpürgiç Britaniýanyň Bonhams auksionynda tas 900 müň ýewro satyldy. Bu barada guramanyň resmi saýtyna salgylanyp...

düýn 23:46
3771

Dortmundyň "Borussiýasy" täze öý oýun eşigini görkezdi

Dortmundyň “Borussiýasy” 2024/2025 möwsüm üçin täze öý oýun eşigi toplumyny hödürledi. Toplum adaty sary-gara reňklerde. Germaniýanyň futbol çempionatynyň 33 oýnundan soň Dortmundyň “Borussiýasynyň” hasabynda 60...

düýn 16:38
7636

Ronaldu dünýäde iň köp girdeji gazanýan türgen boldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu “Forbes” žurnaly tarapyndan 2024-nji ýylda iň köp girdeji alýan türgen hökmünde bellendi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär....