“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Holand het-trikleriniň sany boýunça Ronaldu bilen deňleşdi

  • 04.10.2022 12:06
  • 11k+

“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand het-trikleri amala aşyrmagyň tizligi boýunça “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy Kriştianu Ronaldunyň üstünliginden öňe geçdi. Bu barada BR Football habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Norwegiýaly futbolçy Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) sekiz oýnunda üç het-trik etdi. Şeýle het-trikleri ýerine ýetirmek üçin portugaliýaly hüjümçä bolsa APL-de 232 oýun gerek boldy.
Ýatlap geçsek, “Mançester Siti” “Mançester Ýunaýtedi” 6:3 hasabynda utdy. “Man Sitiniň” düzüminde Erling Holand bilen Fil Foden het-trik amala aşyrdy. “Mançester Ýunaýtediň” düzüminde bolsa Antoni Marsýal iki gol geçirdi, ýene bir goly öz hasabyna Antoni ýazdy.
“Siti” 20 utuk gazanyp, sekiz tapgyrdan soň APL-iň turnir jedwelinde ikinji orny eýeleýär. Indiki tapgyrda ol öýünde “Sautgempton” bilen oýnar.


düýn 14:25
9.9k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 10:36
3.1k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......