TikTok üç aýyň içinde 113 mln wideony pozdy

  • 03.10.2022 11:00
  • 8.5k+

TikTok platformasy III çärýekde 113 mln wideony pozandygy barada hasabat berdi. Bu barada incrussia.ru belleýär. Aýrylan wideolar aprel aýyndan iýun aýy aralygynda ýüklenen wideolaryň umumy sanynyň 1%-ine deňdir. Wideolary aýyrmagyň iň esasy sebäpleriniň biri howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy boldy – aýrylan wideolaryň 44%-i şunuň bilen bagly.

Bikanun iş, düzgünleşdirilen harytlar hem wideolaryň aýrylmagynyň sebäpleridir.
Soňky çärýekde 48 mln töweregi wideo TikTok-yň awtomatlaşdyrylan ulgamlary tarapyndan aýryldy. Wideolaryň 96%-i diýen ýaly ulanyjylardan şikaýat gelmezden öň pozuldy.
TikTok jemgyýetiň düzgünlerini bozup biljek mazmuny seljermek üçin awtomatlaşdyrylan gurallary we adam barlagyny ulanýandygyny aýtdy.


27.03.2026 17:36
6.7k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

20.03.2026 19:13
4.8k+

Psihologlar TikTok-y soňsuz waraklamagy bes edip, wagtyňa erk etmek hakda maslahat berdiler

Psihologlar programmalardaky lentalary geçirenlerinde näme üçin adamlaryň saklanyp bilmeýändigini düşündirdiler we şeýle hereketi edýärkäň özüňi gaýtadan ele almagyň usulyny teklip etdiler. Soňsuz skrolling - bu sahypa aşak geçirildigisaýy mazmunyň ýüklenmek funksiýasydyr...

03.03.2026 23:28
6.9k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...

16.02.2026 16:54
3.4k+

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial ulgamlary gadagan etmäge taýýarlanýar

Beýik Britaniýanyň hökümeti çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyny çäklendirmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada The Times gazeti habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, premýer-ministr Kir Starmer degişli kanunyň kabul edilmegini çaltlandyrmak üçin ýörite ygtyýarlyklardan peýdalanmakçy...