Intel we Samsung ýygnalýan ekranly PK bilen tanyşdyrdy

  • 30.09.2022 13:18
  • 7k+

Intel Innovation 2022 konferensiýasynda Samsung Display-iň baş direktory J.S.Çoý üýtgeýän diagonally kompýuteriň täze nusgasyny görkezdi. Gurluş planşet ýaly görünse-de, öndüriji ony PK diýip atlandyrýar.

Gurluş çeýe ekran we ekranyň diagonalyny 13 dýumdan 17 dýuma çenli ulaltmaga mümkinçilik berýän ýygnalýan mehanizm bilen enjamlaşdyrylan.
Bu uly ekrana we portatiwlige bolan islegi kanagatlandyrjak dünýäde ilkinji 17 dýumlyk ýygnalýan planşet görnüşli PK bolar diýip, Çoý mälim edýär.
Samsungda kompaniýanyň PK-laryň hatarynda, Galaxy Z Fold we Z Flip smartfonlaryndaky ýaly ýygnalmaýan däl-de, ýygnalýan  ekranlaryň tehnologiýasyna bil baglaýandygyny aýtdylar. Şeýle-de, Intel şol displeýde özüniň täze Unison programma üpjünçiligini görkezdi. Ol Intel prosessorlarynyň bazasyndaky PK-ny smartfona birikdirmek üçin niýetlenendir.
Görkezilen nusga — häzirlikçe diňe konsept we onuň kommersiýalaşdyrylmak tapgyryna ýetjegi-ýetmejegi heniz belli däl.


düýn 14:32
3.6k+

Robot "ene": Hytaýda göwresinde çaga götermäge ukyply Android bar

Hytaýyň Guançžouda ýerleşýän Kaiwa Technology kompaniýasy adam düwünçegini göwrelilikden başlap, dogulýança götermäge ukyply emeli ýatgyly robotyň döredilendigini habar berdi. Önümiň bahasy 14000 dollardan gymmat däl bolup, 2026-njy ýylda bazara çykar diýlip garaşylýar...

06.08.2025 17:39
9.8k+

Hytaýda öz-özi arassalanýan aýna döredildi

Hytaýyň Çžeszýan uniwersitetiniň alymlary suw, himiýa ýa-da ep-esli energiýa çykdajysy bolmazdan öz-özüni arassalaýan aýnany döretdi. Ol bary-ýogy birnäçe sekuntda 98% tozany aýyrýar diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar...

06.08.2025 16:12
2.6k+

Täze oýlap tapyş smartfonlara iýmitiň we ganyň düzümini tanamaga mümkinçilik berer

Demirgazyk Karolina döwlet uniwersitetiniň alymlary smartfonlara oturdylyp we ylmy derejeli analizator bolup biljek kiçijik spektral datçigi döretdiler diýip, SciTechDaily ýazýar. Taslamanyň awtorlaryndan biri...

04.08.2025 20:25
7.3k+

Hytaýda robot talyplyga kabul edildi: ol "dramaturgiýany we kinony" öwrener

Hytaýda Xueba 01 atly robot Şanhaý teatr akademiýasynyň "dramaturgiýa we kino" ugry boýunça doktorantura maksatnamasyna kabul edildi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär. Okuw dört ýyl dowam eder...