BAE-de myhmanhanalarda we restoranlarda örtük düzgüni ýatyrylar

  • 28.09.2022 14:07
  • 7.2k+

BAE-niň häkimiýetleri 28-nji sentýabrdan kowide garşy çäklendirmeleri gowşadar: kesel ýokuşanlar üçin karantin gysgaldylar, örtük düzgüni ýatyrylar, keselliler bilen gatnaşyk eden adamlar bolsa üzňelikde saklanmaga borçly edilmez. Gowşama hem ýurduň raýatlaryna, hem daşary ýurtly syýahatçylara degişli diýip, "The National News-e" salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

"Ýapyk jemgyýetçilik ýerleriniň ählisinde, şol sanda kafelerde, restoranlarda, myhmanhanalarda, söwda merkezlerinde örtük dakynmak hökmany bolmaz. Örtük düzgüni hassahanalar, metjitler we jemgyýetçilik ulaglary üçin saklanar. Mundan başga-da, COVID-19 bilen kesellänler üçin karantin möhleti on günden bäş güne çenli azaldylar" - diýip, neşir ýazýar.

Özüňi üzňelikde saklamak ýagdaýy diňe koronawirus barlagyndan položitel netije alanlar üçin hökmany bolar.
Abu-Dabiniň ýaşaýjylary Al Hosn programmasynyň "ýaşyl statusy" görkezmegi üçin her 30 günden koronawirus üçin barlag tabşyrmaly bolar. Häzirki wagtda her iki hepdeden barlagdan geçmeli.
Uçarda örtük düzgüni baradaky çözgüdi häkimiýetler awiakompaniýalaryň garamagyna berdiler.


05.12.2025 11:16
5.3k+

Türkmenistanyň ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

1-nji dekabrda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabarada Abu-Dabide ýerleşýän Kasr al Watan köşgünde geçirildi...

02.12.2025 11:57
3.6k+

Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini Döwletiň jar edilen güni bilen gutlady

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­na...

28.11.2025 10:13
2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýdaky «Big 5 Global 2025» gurluşyk sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri A.Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Dubaýda geçirilýän «Big 5 Global 2025» atly halkara sergisine gatnaşýar. Pudagyň wekilleri serginiň resmi açylyş dabarasyna we Global Leaders' Summit atly umumy mejlise gatnaşdylar...

02.11.2025 20:59
2.4k+

Türkmenistan ADIPEC 2025 sergisinde energetika boýunça garaýyşlaryny hödürlär

Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide geçiriljek dünýäniň iň iri energetika sergileriniň biri bolan ADIPEC 2025-e gatnaşar. Bu ýyl forum 3–6-njy noýabr aralygynda «Energiýa. Aň. Täsir» şygary astynda geçirilýär...