BAE-de myhmanhanalarda we restoranlarda örtük düzgüni ýatyrylar

  • 28.09.2022 14:07
  • 7.3k+

BAE-niň häkimiýetleri 28-nji sentýabrdan kowide garşy çäklendirmeleri gowşadar: kesel ýokuşanlar üçin karantin gysgaldylar, örtük düzgüni ýatyrylar, keselliler bilen gatnaşyk eden adamlar bolsa üzňelikde saklanmaga borçly edilmez. Gowşama hem ýurduň raýatlaryna, hem daşary ýurtly syýahatçylara degişli diýip, "The National News-e" salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

"Ýapyk jemgyýetçilik ýerleriniň ählisinde, şol sanda kafelerde, restoranlarda, myhmanhanalarda, söwda merkezlerinde örtük dakynmak hökmany bolmaz. Örtük düzgüni hassahanalar, metjitler we jemgyýetçilik ulaglary üçin saklanar. Mundan başga-da, COVID-19 bilen kesellänler üçin karantin möhleti on günden bäş güne çenli azaldylar" - diýip, neşir ýazýar.

Özüňi üzňelikde saklamak ýagdaýy diňe koronawirus barlagyndan položitel netije alanlar üçin hökmany bolar.
Abu-Dabiniň ýaşaýjylary Al Hosn programmasynyň "ýaşyl statusy" görkezmegi üçin her 30 günden koronawirus üçin barlag tabşyrmaly bolar. Häzirki wagtda her iki hepdeden barlagdan geçmeli.
Uçarda örtük düzgüni baradaky çözgüdi häkimiýetler awiakompaniýalaryň garamagyna berdiler.


29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

05.02.2026 13:15
2.5k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 13:14
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...