Britaniýaly EuroMillions lotereýasynda 171 mln funt sterlingden gowrak utdy

  • 25.09.2022 13:46
  • 10k+

Beýik Britaniýadan petegiň eýesi EuroMillions lotereýasynda 171 mln funt sterlingden gowrak (takmynan, 185,7 mln dollar) utdy. Bu barada kompaniýadan ýeňijiler bilen işleşmek boýunça uly geňeşçi Endi Karter habar berdi.

Karter munuň lotereýanyň taryhynda üçünji uly utuşdygyny hem belledi.
Öň, Sky News teleýaýlymy Beýik Britaniýada diňe 15 adamyň EuroMillions-da 100 mln funt sterlingden gowrak gazanandygyny hasaplady. Rekord 20-nji iýulda, Birleşen Korollygyň ýaşaýjysy 195 mln funt sterling (şol wagtky hümmet boýunça 234,5 mln dollar) utanda goýuldy. Şondan iki aý öň, maý aýynda Angliýanyň günorta-günbataryndaky Glosterşir graflygyndan maşgala jübüti 184,3 mln funt sterling (227 mln dollar) utdy.
EuroMillions lotereýasy Ýewropada 2004-nji ýyldan bäri geçirilýär. Lotereýanyň düzgünlerine laýyklykda, ýeňijiniň adyny atlandyrmazlyga hukugy bar.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
972

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......