Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Döwlet Maslahaty öz işine başlady

  • 23.09.2022 10:46
  • 10k+

Şu gün Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty öz işine başlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine garaşsyz ösüşiň geçen taryhy döwründe gazanylan üstünliklere syn bermek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Habar berlişi ýaly, maslahata ýurdumyzyň Hökümetiniň we Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular, ýaşlar gatnaşýarlar. Ahal welaýatynda «Türkmeniň ak öýi» binasyna, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň Ruhyýet köşklerine ýygnanan ýurdumyzyň sebitleriniň wekilleri bolsa maslahata sanly ulgam arkaly goşuldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hemmeleri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Döwlet Maslahatyny açyk diýip yglan etdi. Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, döwlet Baştutany umumymilli foruma gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyşyna başlady.

«Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, onuň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna bagyşlanan çykyşlar diňleniler, Watanymyzyň gazanan taryhy üstünlikleriniň jemleri jemleniler we Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ösüş ýoly seljerilip, geljek üçin wezipeler, ileri tutulýan ugurlar kesgitlener. Möhüm resminamalara gol çekilip, döwlet sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp bolan raýatlar sylaglanar» diýlip, habarda bellenilýär.


05.06.2026 17:31
1.5k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....