Federer hoşlaşyk oýnuny Nadal bilen bilelikde geçirer

  • 23.09.2022 10:29
  • 3.7k+

Şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer karýerasyndaky jemleýji oýnuny jübüt bolup oýnar, onuň ýoldaşy bolsa ispaniýaly Rafael Nadal bolar. Bu barada Federer sosial ulgamlarda ýazdy diýip, sport-interfax.ru habar berýär.

Oýun anna güni Londondaky Leýweriň kubogy üçin ýaryşlaryň çäginde geçiriler. Federer bilen Nadalyň garşydaşlary amerikalylar Jek Sok bilen Frensis Tiafo bolar.
Öň, 41 ýaşly Federer karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Ol “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 20 gezek ýeňijisidir. Onuň hasabynda jemi 111 titul bolup, şolardan 103-sinde ýekelikde ýeňiş gazandy.
Federeriň soňky resmi oýny 2021-nji ýylyň iýul aýynda bolup, ol “Uimbledon” ýaryşynyň dörtden bir finalynda polşaly Hubert Gurkaçdan ýeňildi.
Nadal barada aýdylanda, oňa garşy Federer 40 resmi oýun oýnady. Ýeňiş sany boýunça Nadal üstün çykýar – 24 ýeňiş we 16 ýeňliş.


23.06.2025 13:50
2k+

Alkaras Londondaky ATP 500 ýaryşynda 21-nji titulyny gazandy

Dünýäniň ikinji raketkasy ispaniýaly Karlos Alkaras Londonda geçirilen ATP 500 ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda reýtingiň 30-njy ornuny eýeleýän çehiýaly Irži Legeçkany utdy. Oýun 7:5, 6:7 (5:7), 6:2 hasabynda tamamlandy...

23.06.2025 12:17
2.4k+

Gazagystanly tennisçi Aleksandr Bublik Germaniýada ATP 500 ýaryşynyň ýeňijisi boldy

Gazagystanly tennisçi Aleksandr Bublik Gallede (Germaniýa) geçirilen ATP 500 ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Finalda ol russiýaly Daniil Medwedewi 6:3, 7:6 hasabynda utdy. Duşuşyk 1 sagat 21 minut dowam etdi. Bu Bubligiň Galledäki ýaryşda 2023-nji ýyldaky ýeňşinden soň ikinji ýeňşi boldy...

21.06.2025 11:58
4.6k+

Ispaniýanyň patyşasy Rafael Nadala markiz titulyny berdi

Ispaniýanyň patyşasy Filipp VI “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek çempiony, tennisçi Rafael Nadala markiz dworýan titulyny berdi. Bu monarhyň tagta çykmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärede bolup geçdi...

10.06.2025 13:06
3.6k+

New Balance Kori Gauffyň şanyna krossowka çykardy

New Balance kompaniýasy amerikaly tennisçi Kori Gauffdan we onuň önüp-ösen Delreý-Biç şäherinden ylham alyp döredilen krossowkany çykardy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Krossowka 30-njy iýunda başlaýan Uimbldon ýaryşynyň öňüsyrasynda hödürlendi...