Aleksandr Lukaşenko Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

  • 22.09.2022 17:08
  • 8.8k+

Belarus Döwletiniň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada BELTA agentligi belarus Lideriniň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Belarus Döwletiniň Baştutany öz ýurdunyň dostluk, ynanyşmak we hormat goýmak däpleriniň esasynda Türkmenistan bilen köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ymtylyşyny tassyklady. Lukaşenko şeýle hem iki tarapyň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli gepleşikleriň mundan beýläk hem dowam etjekdigine ynam bildirdi.
Aleksandr Lukaşenko türkmen Liderine berk jan saglygyny, bagt we üstünlik arzuw etdi.


29.12.2025 10:54
10k+

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy

27-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy...

18.12.2025 09:56
12k+

Serdar Berdimuhamedow 10 sany ýaş aýdymçyny Bitaraplygyň ýubileý nyşanlary bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaş aýdymçylary «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Karara çekdi. Kararda bellenilişi ýaly, sylaglar ýurdumyzda...

13.12.2025 17:03
5.7k+

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda baýramçylyk konserti boldy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy...

29.11.2025 10:00
12k+

Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl mynasybetli Aşgabatda bezeg işlerini geçirmek boýunça teklibi goldady

28-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze —...