Türkmen türgenleri Türkiýede geçiriljek iki sany iri ýaryşa gatnaşar

  • 18.09.2022 10:44
  • 24k+

Türk şäheri Samsun 21-30-njy sentýabr aralygynda FISU-yň (Uniwersitet sportynyň halkara federasiýasynyň) howandarlygy astynda geçiriljek Talyplaryň arasynda başa-baş söweş boýunça dünýäniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlary kabul eder.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden 52 türgen-talyp, şeýle hem ýurdumyzdan 12 tälimçi sambo, taý boks, karate, uşu we grek-rim göreşi boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.
Samsundaky ýaryşlaryň açylyşyndan bir hepde geçensoň, Türkiýe Respublikasynyň başga bir şäherinde - Iznikde  Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlary geçiriler. 29-njy sentýabrda oýunlaryň açylyş dabarasyna ýüzden gowrak ýurtdan üç müňden köpräk türgen gatnaşar. Sportuň kyrkdan gowrak görnüşi boýunça güýçlüleri öňe saýlamak meýilleşdirilýär.
Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan 40 türgen guşakly göreş, gazak göreşi, kuraş göreşi, ýaýdan ok atmak, şeýle-de, milli sport oýunlary boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Çarwadarlaryň oýunlarynda guşakly göreş boýunça ýaryşa iň köp wekil Türkmenistandan gatnaşar. Türkiýäniň Bursa welaýatyna bu başa-baş göreşiň 25 sany türkmen ussady geler.
Iznikdäki  Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlarynyň ýapylyş dabarasy 2-nji oktýabrda geçer. 


şu gün 07:49
2.1k+

Türkmenistanda ralli-reýd boýunça çempionatyň netijeleri jemlendi

27-28-nji iýun aralygynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Umumy uzynlygy 358 kilometre barabar bolan iki günlük ýaryş Garagum çölüniň iň......

düýn 21:55
4.7k+

Maýsa Pardaýewa Sindaodaky dzýudo boýunça Gran-pride ilkinji altyn medalyny gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 28-nji iýunda Hytaýyň Sindao şäherinde tamamlanan dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda uly ýeňiş gazandy. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eden 21 ýaşly türgen ähli güýçli......

22.06.2026 17:52
5.3k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......