Dünýäniň iň uly muzeýleri Pikassonyň aradan çykmagynyň 50 ýyllygyna bagyşlap sergileri gurnar

  • 16.09.2022 20:18
  • 4.8k+

Madridiň Prado muzeýi, Pariždäki Pompidu merkezi, Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýi we başga-da dünýäniň ençeme belli muzeýleri 1973-nji ýylyň 8-nji aprelinde aradan çykan ispaniýaly suratkeş Pablo Pikassonyň aradan çykmagynyň 50 ýyllygyna taýýarlanýar. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Madridde we Parižde "Pikassonyň ýylyny" guraýjylaryň aýtmagyna görä, dünýäde 42 sergi geçiriler we bu "häzirkizaman sungatynyň iň meşhur suratkeşiniň hatyrasyna görlüp-eşidilmedik hormat bolar".
"Pikassonyň ýyly" çärelerine Ýewropanyň we Birleşen Ştatlaryň 38 öňdebaryjy instituty gatnaşar diýip, Ispaniýanyň Medeniýet ministri Mikel Iseta Madridde şa aýaly Sofiýanyň sungat merkezinde suratkeşiň hatyrasyna guralan dabarany açmak bilen aýtdy.
Dürli ýurtlarda guralýan sergiler 1881-nji ýylda Ispaniýanyň Malaga şäherinde doglup, 1973-nji ýylda Fransiýanyň Mužen şäherinde aradan çykan bu suratkeşiň döredijiliginiň ähli taraplaryny görkezmäge mümkinçilik berer diýip, Fransiýanyň Medeniýet ministri Rima Abdul-Malak belleýär. Onuň aýtmagyna görä, "Pikassonyň ýylynyň" çäklerinde onuň döredijiligine bagyşlanan kollokwiumlar we çekişmeler meýilleşdirilýär.
"Pikassonyň ýylynyň" esasy wakalary Ispaniýada, Fransiýada, ABŞ-da geçiriler, şeýle-de bolsa Belgiýada, Germaniýada, Rumyniýada we Şweýsariýada hem dabaraly çäreler göz öňünde tutulýar.

şu gün 11:43
272

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

şu gün 11:16
254

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

düýn 20:27
2.7k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
4.3k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......