Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň Samarkant sammitinde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi

  • 16.09.2022 20:07
  • 15k+

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri Özbegistanyň Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde dowam edýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen düzümdäki mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hormatly myhman hökmünde ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlykda ileri tutýan ugurlary bilen bagly çykyş edendigini habar berdi.

Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutany çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen syýasatda, howpsuzlyk ulgamynda, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň köptaraplaýyn, çeýe görnüşlerini kemala getirmek boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi.
Şunda ählumumy derejede kanunyň hökmürowanlygyny, ykrar edilen halkara hukuk kadalarydyr ýörelgelerini, BMG-niň Tertipnamasynyň ruhuny goramagyň we üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtap, döwlet Baştutany sammite gatnaşyjylara BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda türkmen tarapynyň öňe sürýän halkara başlangyçlary barada maglumat berdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Dialog — parahatçylygynyň kepili» atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlamak, Baş Assambleýanyň garamagyna 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi hödürlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny hakyndaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny taýýarlamak barada barýar.
Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ilerledilmegi üçin amatly şertleri döretmegiň, energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara hereketleri dowam etdirmegiň, şu ugurlarda alnyp barylýan işlere we beýleki köptaraplaýyn taslamalara Owganystanyň hem gatnaşmagyny gazanmagyň, telekeçileriň yzygiderli aragatnaşygyny ýola goýmak babatda zerur tagallalary etmegiň, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini belledi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......