Beýik Britaniýanyň şa aýaly aradan çykdy

Beýik Britaniýanyň şa aýaly aradan çykdy

Beýik Britaniýanyň şa aýaly Ýelizaweta II Şotlandiýadaky Balmoral galasynda 96 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Bukingem köşgi tarapyndan penşenbe güni ýaýradylan habarda aýdylýar diýip, TASS belleýär.

“Şa aýaly şu gün gündiz Balmoralda rahat ýagdaýda aradan çykdy. Şa we şa aýaly-konsort bu gije Balmoralda galyp, ertir Londona dolanar” – diýlip, habarda bellenilýär.