Tom Kruzly film ABŞ-da iň köp görülýän sanly reliz boldy

  • 08.09.2022 16:48
  • 10k+
Tom Kruzly film ABŞ-da iň köp görülýän sanly reliz boldy

“Top Gan: Mewerik” filmi tomaşa edilişi boýunça ýene-de rekord goýdy. Bu gezek Tom Kruz bilen düşürilen lenta ABŞ-da iň köp görülýän sanly reliz boldy. Bu barada gazeta.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Häzirki wagtda film taryhda iň köp satylýan sanly relizleriň ilkinji ýigrimiligine girdi. Ol ABŞ-daky Amazon-da we Vudu striminginde satuwy boýunça-da rekordy täzeledi. Bellenilişi ýaly, tomaşaçylar sikweli hem-de 1986-njy ýylda düşürilen Toni Skottyň “Iň gowy atyjy” original filmini işjeň satyn alyp başladylar. Şol bir wagtyň özünde, film heniz hem kinoteatrlarda görkezilýär.
Belläp geçsek, “Top Gan: Mewerik” dünýä prokatynda 1,4 mlrd dollar gazanyp, girdeji ýygymy boýunça “Ar alyjylar: Tükeniksizlik söweşi” filminden öňe geçmegi başardy we bu kategoriýa boýunça reýtingde altynjy orny eýeledi. Mundan başga-da, taslama 1 mlrd dollar bellikden geçenden soň, Tom Kruzyň şahsy rekordyny hem täzeledi.


düýn 13:02
2.6k+

United Airlines awiakompaniýasy öz uçarlarynda Starlink-den ýokary hilli mugt Wi-Fi hödürlär

United Airlines awiakompaniýasy Starlink bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde özüniň ähli uçarlarynda mugt Wi-Fi hödürlemek meýilnamasyny yglan etdi. Bu täzelik ýokary belentlikde internet bilen bagly näsazlyklaryň...

düýn 10:22
5.7k+

Guwwaslar 1856-njy ýylda gark bolan meşhur fransuz gämisini tapdylar

Amerikaly guwwaslar topary 1856-njy ýylda Atlantik ummanynda gark bolan fransuz Le Lyonnais gämisiniň galyndylaryny tapdy diýip, Phys.org ýazýar. 1855-nji ýylda gurlan we şol döwürde iň döwrebap hasaplanýan gämi...

13.09.2024 11:43
26k+

ABŞ-da tupan zerarly zyýan ýeten 22 gatly gökdirän binany birnäçe sekundyň içinde ýok edildi

7-nji sentýabrda Luiziana ştatynyň Leýk-Çarlz şäherinde 22 gatly Hertz Tower gökdirän binasyny ýykyp aýyrdylar. Bina dolandyrylýan partlamalaryň kömegi bilen ýykyldy diýip, “Wokrug sweta” habar berýär. Mundan 40...

13.09.2024 08:57
18k+

Amerikanyň ýaşaýjysy 100 müň dollarlyk meteoriti bahasyndan habarsyz 30 ýyllap gapysyna söýeg edip ulanypdyr

ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň ýaşaýjysy 30 ýyllap gapysyna söýeg hökmünde bir daş ulanypdyr. Şol daşyň 100 müň dollarlyk meteoritdigi onuň aklyna hem gelmändi. Bu waka barada LADBible neşirinde gürrüň berilýär. Ol adam...