BMW kompaniýasy wodorodly hereketlendirijileri öndürip başlady

  • 05.09.2022 17:27
  • 14k+

BMW-niň Mýunhendäki zawodynda wodorod ýangyjynyň elementlerinde işleýän güýç gurluşlaryny çykarmaga başladylar. Enjamy iX5 Hydrogen krossowerlerine oturdarlar, olaryň birinji tapgyry 2022-nji ýylyň ahyrynda çykar. Olary ýol synaglaryny geçirmekde we dürli çärelerde görkezmek üçin ulanarlar.

Gurluşyň düzümine kuwwaty 374 at güýjüne deň bolan elektromotor, akkumulýator we wodorod üçin iki sany ýangyç baky girýär. Kislorod bilen wodorod birleşende himiki reaksiýa bolup geçýär, onuň esasynda bolsa tok emele gelýär.
Netijede, şeýle ulaglaryň ýöreýiş ätiýajy elektrokarlaryňkydan köp bolýar, ýangyç almasy bolsa 3-4 minutdan uzaga çekmeýär.
Uglerod bitaraplygyna barýan ýolda wodorodyň möhüm orun tutýandygyny markanyň ýolbaşçysy Oliwer Sipse ynam bilen aýdýar.
Awgust aýynda öndüriji wodorodly krossowerleriň tapgyrlaýyn önümçiligine 2025-nji ýylda girişiljekdigini habar berdi.


15.04.2026 11:36
4.2k+

Şu ýyl boljak 6 uly premýera: BMW öz modelleriniň giň gerimli täzelenmesini taýýarlaýar

BMW 2026-njy ýylda alty täze modeli we täzelenmäni, şol sanda Neue Klasse platformasyndaky elektrik awtoulaglary we meşhur krossowerleriň täzelenen görnüşlerini hödürlär....

10.04.2026 20:27
3.1k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

06.04.2026 16:59
4k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....

19.03.2026 14:00
2.6k+

Täze BMW i3-iň üçden bir bölegi gaýtadan işlenen çig maldan taýýarlandy. Ol bir zarýadda 900 km ýol geçýär

BMW kompaniýasy «Neue Klasse» platformasynda döredilen täze i3 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Modeliň önümçiligi Mýunhendäki zawodda ýola goýlar, ilkinji seriýaly awtoulaglar awgust aýynda konweýerden çykar, satuwlar bolsa güýzde başlanar...