Portugaliýada Ýewropada iň uly dinozawryň galyndylary tapyldy

  • 31.08.2022 18:24
  • 33696
Portugaliýada Ýewropada iň uly dinozawryň galyndylary tapyldy

Portugaliýanyň Pombal şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde dinozawryň galyndylary tapyldy we bu Ýewropada tapylan iň uly dinozawryň galyndylary diýlip çak edilýär. The Guardian-yň habar bermegine görä, gazuw-agtaryş işleri 2017-nji ýylda, bu ýeriň eýesi daşa öwrülen zatlary tapyp, Lissabon uniwersitetine ýüz tutandan soň başlady. Bu barada interfax.ru belleýär.

Bu ýerde Ispaniýadan we Portugaliýadan gelen paleontologlar işleýär. Olar oňurgalary we gapyrgalary tapdylar. Hünärmenleriň pikiriçe, tapylan dinozawr zawropodlara (boýny we guýrugy uzyn bolan dört aýakly dinozawrlaryň topary. Bu Ýeriň ýüzünde gezen iň uly jandarlardyr) we brahiozawrid maşgalasyna degişlidir.
Tapylan dinozawr beýikligine 12 metr we uzynlygyna 25 metr. Tapyndynyň ýaşynyň 150 mln ýyla golaýdygy çaklanylýar.
Alymlar şeýle tapyndylaryň örän seýrek bolýandygyny belleýärler. Mundan başga-da, süňkler jandaryň tebigy anatomiki ýagdaýyny görkezýän şekilde ýerleşýär. Bu dinozawryň beýleki bölekleriniň hem tapyljakdygyny çaklamaga esas berýär.


26.04.2024 19:54
3288

Ýewroparlament enjamlar abatlanylandan soňky kepilligiň möhletini uzaltmagy kanunylaşdyrdy

Ýewropa Bileleşigi elektronika enjamlaryny öndürijilerden önümlere azyndan iki ýyl kepillik bermegini talap edýär, ýöne indi Ýewropa Parlamenti täze has talabediji düzgünleri kabul etdi diýip, 3DNews ýazýar. Täze...

10.03.2024 15:43
7266

Geýdelbergdäki maglumat merkezi Ýewropada 3D çap edilen iň uly bina boldy

Germaniýanyň Geýdelberg şäherindäki täze maglumat merkezi Ýewropada 3D çap edilen iň uly binadyr. Wave House diýlip atlandyrylýan desganyň meýdany 600 inedördül metr. Mundan başga-da, desga diňe rekordy bilen däl...

08.03.2024 18:09
20265

Ukrainanyň günbataryndan ýaşy 1 million ýyldanam gowrak bolan iň gadymy daş gurallary tapyldy

Ukrainanyň günbatarynda, Zakarpatiýa oblastynda Ýewropanyň iň gadymy daş gurallary tapyldy. Daniýaly, çehiýaly we beýleki ýurtlardan bolan halkara arheologlar topary Nature ylmy žurnalynda bu barada habar berdiler...

03.02.2024 13:51
4282

Ýewropa Wenerany ýadrosyndan başlap, atmosferasyna çenli öwrenmek üçin gözleg zondyny goýbermegi meýilleşdirýär

Ýewropa kosmos gullugynyň (ÝKG) Ylym Maksatnamasy Komiteti Weneranyň  ýadrosyndan başlap, atmosferasyna çenli öwrenmek üçin kosmos stansiýasyny işläp taýýarlamagy we işe girizmegi öz içine alýan EnVision missiýasyny...