ABŞ taryhda ilkinji gezek Arktikada öz ilçisini bellär

  • 29.08.2022 23:55
  • 20k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlary öz taryhynda ilkinji gezek Arktikada ilçi bellemek kararyna geldi. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Wedant Pateliň sözlerine salgylanyp, “Anadolu” agentligi habar berýär.

Onuň sözlerine görä, ABŞ-nyň Arktikadaky ilçisi Kanada, Daniýa, Finlýandiýa, Islandiýa, Norwegiýa, Şwesiýa, Russiýa ýaly beýleki Artktika ýurtlarynyň 7-si bilen aragatnaşykda bolar. Şeýle-de diplomat planetanyň bu künjegi bilen bagly meseleler boýunça hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklara jogap berer.
Mundan ozal, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Arktika sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň ABŞ üçin möhüm hem-de ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, amerikan diplomatiýasynyň ýolbaşçysy täze ilçiniň dalaşgärliginiň ýakyn wagtlarda Senatyň garamagyna hödürleniljekdigini tassyklady.


28.06.2026 20:25
12k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

28.06.2026 16:55
6.3k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
7k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.3k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......