Ýaponiýa Abeniň ýas dessurlary üçin 1,8 million dollardan gowrak pul harçlar

Ýaponiýa Abeniň ýas dessurlary üçin 1,8 million dollardan gowrak pul harçlar

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň öňki başlygy Sindzo Abeniň ýas dessurlary üçin Ýaponiýa 1,8 million dollardan gowrak pul harçlar. Bu barada 26-njy awgustda hökümetiň çeşmelerine salgylanýan Kyodo agentligi habar berdi. 

Bu pul mukdary Tokiodaky Nippon Budokan zalynyň kärende hakynyň çykdajylaryny we COVID-19-a garşy howpsuzlyk çäreleriniň guramaçylygyny öz içine alýar. Çäräniň geçirilýän ýerleriniň polisiýa tarapyndan goragynyň çykdajylary dolulygyna 2022-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň ätiýaçlyk gaznalarynyň hasabyna ýapylar. 
Abeniň ýas dessuryna 6400 töweregi adam gatnaşar diýip garaşylýar.
Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň öňki başlygynyň döwlet derejesindäki jaýlanyş dessury 27-nji sentýabrda geçer.