Serdar Berdimuhamedow birnäçe ýurtda saparda bolar, sammitlere gatnaşar

  • 27.08.2022 16:43
  • 16k+

Şu ýylyň sentýabr — dekabr aýlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow birnäçe ýurtda saparda bolar. Olara taýýarlyk meseleleri barada 26-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda ýokary derejeli duşuşyklara we gepleşiklere möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz abraýly sebitara hem-de halkara guramalar we düzümler bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe sammitlere gatnaşmagy meýilleşdirildi. Häzirki wagtda Daşary işler ministrligi dürli ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen bilelikde degişli toplumlaýyn işleri amala aşyrýar. Şunda guramaçylyk we beýleki meseleleriň çözgüdine, saparlaryň maksatnamalarynyň, olaryň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň  işlenip taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna daşary ýurtlara boljak saparlaryň we onuň çäklerinde geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklardyr gepleşikleriň taýýarlygyny ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmagy tabşyrdy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......