Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi şol bir wagtda birnäçe wezipäni ýerine ýetirer

  • 27.08.2022 09:37
  • 7.4k+

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Sapargylyýewiç Amannazarow, şol bir wagtda birnäçe diplomatik wezipelere bellenildi.

Hususan-da, ol:

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň hemişelik wekili;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili;
  • Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy;
  • Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama guramasynyň (Wena şäheri, Awstriýa Respublikasy) taýýarlaýyş toparynyň ýanyndaky wekili;
  • Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili wezipelerine bellenildi.

Bu baradaky degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.


düýn 22:49
406

Türkmen wekiliýeti Barselonada BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda Barselonada geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

düýn 15:24
6.5k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......

düýn 13:59
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

düýn 10:49
953

Türkmenistan we Malaýziýa öňde duran ýokary derejeli duşuşyklary ara alyp maslahatlaşdy

27-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä,......