Ben Afflek bilen Jennifer Lopes toý tutdular

  • 23.08.2022 13:35
  • 39k+

Ben Afflek bilen Jennifer Lopes garyndaşlarynyň we iň ýakyn dostlarynyň gatnaşmagynda nika toýuny tutdular. Toý 20-nji awgustda şenbe güni aktýoryň Jorjiýa ştatyndaky mülkünde geçdi. Bu barada Daily Mail neşiri gürrüň berdi diýip, Trend habar berýär. 

Neşiriň maglumatyna görä, 8,9 mln dollar harçlanyp, Ben Afflekiň aýratyn jaýynda tutulan toýa jübütleriň iň ýakyn dostlary we garyndaşlary çagyryldy. Şeýle-de, myhmanlaryň hatarynda aktýorlaryň öňki nikalaryndan bolan çagalary: Ben Afflekiň Jennifer Garnerden bolan perzentleri Waýolet (16 ýaş), Serafina (13 ýaş) we Sem (11 ýaş) hem-de Jennifer Lopesiň aýdymçy Mark Entoniden bolan perzentleri 14 ýaşly Emma we Maks hem bardy.
Şonuň ýaly-da, toýa Ben Afflekiň köne dostlary — Mett Deýmon öz ýanýoldaşy Lýuçiano Barroso bilen, režissýor Kewin Smit we aktýor Jeýson  Mýus dagy gatnaşdylar.
Jennifer Lopes dabara üçin toý köýnegini Ralph Lauren brendinden saýlady. Ben Afflek bolsa nikadan geçende egnine ak smoking we gara jalbar geýdi.

düýn 20:27
2.5k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......

düýn 20:16
3.8k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 16:53
1.9k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

düýn 16:11
1.4k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....