Hytaý hasyly gurakçylykdan goramak üçin emeli usulda ýagyş ýagdyrar

Hytaý hasyly gurakçylykdan goramak üçin emeli usulda ýagyş ýagdyrar

HHR-iň häkimiýetleri adatdan daşary yssy howa sebäpli emeli usulda ýagyş ýagdyryp, hasyly gorap saklamakçy bolýar. Bu barada Hytaýyň Oba hojalyk ministrligine salgylanyp, Associated Press habar berýär. Şeýle-de, oba hojalyk ekinlerine suwuň bugarmagyny çäklendirjek suw saklaýjy goşundyny sepmek meýilleşdirilýär.

Oba hojalyk ministrliginiň başlygy Tan Ženszýan geljek on günüň HHR-iň günortasynda hasyly gorap saklamak üçin diýseň möhümdigini aýtdy. Associated Press-iň maglumatlaryna görä, Hytaý häkimiýetleriň 61 ýyl mundan ozal şeýle tebigy hadysalara gözegçilik edip başlany bäri iň yssy tomsy başdan geçirýär.
Syçuan we Hubeý welaýatlarynyň häkimiýetleri yssy howanyň oba hojalyk ekinleriniň müňlerçe gektaryny ýok edendigini we millionlarça gektar hasyla zyýan ýetirendigini habar berdiler. Ýakynda Hubeý welaýatynyň administrasiýasy gurakçylyk bilen bagly adatdan daşary ýagdaýy we ynsanperwer kömeginiň berlip başlanýandygyny yglan etdi. Syçuan welaýatynda 819 müň adama agyz suwy ýetmezçilik edýär.
Associated Press HHR-iň hasylynyň peselmeginiň global täsire eýe boljakdygyny we ABŞ-da hem Ýewropada inflýasiýany güýçlendirjekdigini belleýär.
Syçuan welaýatyndaky Gün panellerini, mikroçipleri we beýleki senagat harytlaryny öndürýän zawodlaryň ýolbaşçylary alty günlük işsizlikden soň işi dowam etdirip biljekdikleri ýa-da ýokdugy barada oýlanýarlar. Öň, zawodlarda elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulanylýan suwuň ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi togtatmaly boldy. Welaýatda elektrik energiýasynyň 80%-i gidroelektrik stansiýalary tarapyndan öndürilýär, häkimiýetler bolsa rezerwuarlardaky suwuň derejesiniň kadalydan ýarysyna çenli peselendigini bellediler.
Ýokary temperaturalar Hytaýyň günortasynda iýul aýyndan bäri saklanýar. Ýewropanyň Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Ispaniýa ýaly ýurtlary hem adatdan daşary yssy howany we gurakçylygy başdan geçirýär.