«Formula-1-iň» şu möwsümde iň köp jerime alan sürüjisi belli boldy

  • 21.08.2022 20:06
  • 5.5k+
«Formula-1-iň» şu möwsümde iň köp jerime alan sürüjisi belli boldy

“Aston Martiniň” germaniýaly sürüjisi Sebastýan Fettel “Formula-1-iň” şu möwsüminde dürli düzgün bozmalar üçin has köp jerime töledi. Bu barada ýaryşyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria habar berýär.

Fettel çempionatyň 13 tapgyrynda düzgün bozmalar üçin 35,9 müň ýewro töledi. Oňa Awstriýanyň Gran-prisi wagtynda geçirilen sürüjileriň brifinginden ir gidendigi üçin 25 müň ýewro möçberinde jerime salyndy. Şeýle-de, Fettel Awstraliýanyň Gran-prisinde Melburnda boksa skuterde howply gaýdyp gelendigi üçin ýene 5 müň ýewro töledi.
Jerimäniň mukdary boýunça ikinji orunda “Ferrariniň” ispaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Karlos Saýns gelýär, ol jemi 25 müň ýewro töledi. Üçünji orunda meksikaly Serhio Peres ýerleşýär. “Red Bulluň” sürüjisi 10,6 müň ýewro möçberinde jerime töledi.
Ýedi gezek dünýä çempiony britaniýaly Lýuis Hemilton 10 müň ýewro töledi. Häzirki dünýä çempiony niderlandiýaly Maks Ferstappene, Şarl Leklere (Monako, “Ferrari”), Daniel Rikkýardo (Awstraliýa, “Maklaren”), Çžou Guanýuýa hem (Hytaý, “Alfa Romeo”) şol mukdarda jerime salyndy.
Iýul aýynda Fettel möwsümiň ahyrynda “Formula-1-den” gidýändigini habar berdi.


15.11.2024 13:02
1.9k+

“F-1” toparlarynyň ählisi ilkinji gezek möwsümden öň bilelikdäki tanyşdyryş çäresini geçirer

“Formula-1” çempionatynyň on toparynyň we ýigrimi ýaryşa gatnaşyjysynyň ählisi 2025-möwsümi başlamazdan öň bilelikdäki tanyşdyryş çäresini geçirer. Ol 18-nji fewralda Londonda geçiriler we çempionatyň 75 ýyllyk...

13.11.2024 14:56
4.2k+

KitKat batony “Formula-1-iň” resmi şokolady bolar

“Formula-1” çempionaty bilen Şweýsariýanyň konditer önümlerini öndürmek boýunça belli kompaniýasy Nestlé-iň arasynda köpýyllyk hyzmatdaşlyk başlandy. Bu barada F-1-iň metbugat gullugy habar berdi diýip, Çempionat...

04.11.2024 21:23
1.8k+

Werstappen 17-nji orundan bat alyp, Braziliýanyň Gran-pri baýragyna mynasyp boldy

“Red Bull-yň" sürüjisi Maks Werstappen “Formula 1” klasly ulag ýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Niderlandly sürüji ýaryşa 17-nji orundan başlady...

28.10.2024 11:55
2.5k+

Karlos Saýns Meksikanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Hemilton – 4-nji, Werstappen – 6-njy

Doganlar Rodriges adyndaky awtodromda “Formula-1” çempionatynyň Meksikanyň Gran-prisi tapgyry tamamlandy. Onuň ýeňijisi “Ferrariden” Karlos Saýns boldy. Ikinji bolup pellehana “Maklareniň” ýaryşa gatnaşyjysy Lando...