«Formula-1-iň» şu möwsümde iň köp jerime alan sürüjisi belli boldy

  • 21.08.2022 20:06
  • 5.8k+

“Aston Martiniň” germaniýaly sürüjisi Sebastýan Fettel “Formula-1-iň” şu möwsüminde dürli düzgün bozmalar üçin has köp jerime töledi. Bu barada ýaryşyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria habar berýär.

Fettel çempionatyň 13 tapgyrynda düzgün bozmalar üçin 35,9 müň ýewro töledi. Oňa Awstriýanyň Gran-prisi wagtynda geçirilen sürüjileriň brifinginden ir gidendigi üçin 25 müň ýewro möçberinde jerime salyndy. Şeýle-de, Fettel Awstraliýanyň Gran-prisinde Melburnda boksa skuterde howply gaýdyp gelendigi üçin ýene 5 müň ýewro töledi.
Jerimäniň mukdary boýunça ikinji orunda “Ferrariniň” ispaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Karlos Saýns gelýär, ol jemi 25 müň ýewro töledi. Üçünji orunda meksikaly Serhio Peres ýerleşýär. “Red Bulluň” sürüjisi 10,6 müň ýewro möçberinde jerime töledi.
Ýedi gezek dünýä çempiony britaniýaly Lýuis Hemilton 10 müň ýewro töledi. Häzirki dünýä çempiony niderlandiýaly Maks Ferstappene, Şarl Leklere (Monako, “Ferrari”), Daniel Rikkýardo (Awstraliýa, “Maklaren”), Çžou Guanýuýa hem (Hytaý, “Alfa Romeo”) şol mukdarda jerime salyndy.
Iýul aýynda Fettel möwsümiň ahyrynda “Formula-1-den” gidýändigini habar berdi.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....