Ýewropada «mawy ýangyjyň» bahasy müň kub metrine 2700 dollardan geçdi

Ýewropada «mawy ýangyjyň» bahasy müň kub metrine 2700 dollardan geçdi

Anna günki söwdalaşyklaryň dowamynda Ýewropada gazyň bahasynyň birden 5%-den hem gymmatlandygyna we martyň başyndan bäri ilkinji sapar onuň 1 müň kub metriniň bahasynyň 2 700 dollardan geçendigine Londonyň ICE biržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Bu ýagdaý gurluşyň abatlanýandygy sebäpli, üç gije-gündiziň dowamynda "Demirgazyk akymy" boýunça «mawy ýangyjyň» gelmesiniň wagtlaýyn kesilýändigi hakyndaky habaryň täsirinde ýüze çykdy. 

Niderlandlarda TTF habynda sentýabr fýuçersiniň bahasy 1 müň kub metr üçin 2 712 dollara ýa-da MWt.s üçin 261 ýewro çenli ýokarlandy (ýewronyň dollara bolan häzirki gatnaşygyndan ugur alnyp, ICE-da bahalar MWt.s üçin ýewroda görkezildi).
Gazyň bahasynyň bir günki umumy galyşy 8%-den hem artykdyr.
Işjeň ýagdaýda galan ýeke-täk gaz sorujy enjamyň abatlanjakdygy sebäpli 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralynda "Demirgazyk akymyndan" gazyň goýberilmesiniň doly kesiljekdigini owal "Gazprom" habar beripdi. Işler doly tamamlanyp, enjamyň tehniki näsazlygynyň düzedilmegi bilen, gije-gündiziň dowamynda 33 mln kub metre çenli gaz goýbermek işi doly dikeldiler.