Kazyýet Twitteri Ilon Maska spam-akkauntlar barada maglumatlary bermäge borçlandyrdy

  • 19.08.2022 12:09
  • 14k+

Kazyýet Twitter sosial toruny Ilon Maska spam-akkauntlar boýunça ozalky baş menejer Keýwon Beýkpuryň faýllaryny bermäge borçly etdi. Feýk akkauntlarynyň sany barada ýalan maglumat berleni sebäpli Mask kompaniýany satyn almakdan ýüz öwrenden soň, hut botlaryň akkaunty dawanyň kazyýete baryp ýetmegine esasy sebäp boldy.

Delawer ştatynyň kazyýetiniň karary boýunça Twitter kompaniýasy, Mask tanşar ýaly, Beýkpuryň resminamalaryny ýygnamaly, öwrenmeli we onuň ygtyýaryna bermeli edildi. Şeýlelikde, milliarder gerekli karary alyp, iň bolmanda, kazyýet işiniň çäklerinde öz gepini gögertdi. Her näme-de bolsa, gutarnykly ýeňiş hakynda söz açardan heniz ir. Entek Twitterdäkileriň haýsy hörpden gopjagy we onuň näçe wagta gitjegi belli däl.
Beýkpuryň özi kompaniýadan aprelde - Twitteriň ýolbaşçylary kompaniýany Maska satmak kararyna gelenlerinde gidipdi. Resminalardan çen tutsaň, ol spam-akkauntlaryň sanyny kesgitlemek bilen meşgullanýan ýolbaşçylaryň “has golaý saýylýanlarynyň” biri bolupdyr. Owal Twitter Maska garşy talap arzasyny beripdi, sebäbi ol bir taraplaýyn tertipde sosial tory satyn almakdan boýun gaçyrypdy. Kompaniýanyň ýolbaşçylary kazyýet Masky niýetinden dänmäge mejbur edip biler diýip hasaplapdylar.


şu gün 20:25
416

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

şu gün 16:55
2.5k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

düýn 23:56
5.7k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.2k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......