Awazada Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasy badalga aldy

  • 19.08.2022 07:45
  • 11k+
Awazada Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasy badalga aldy

17-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýurtlarynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşi, dünýäniň iri maglumat tehnologiýalaryny işläp düzüjileri, şeýle-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir.

Halkara üstaşyr ýük daşamalaryny has ýeňilleşdirmäge gönükdirilen ýeke-täk multimodal resminamany işläp taýýarlamak maksady bilen, ozal iş topary döredilipdi. Onuň düzümine TRACECA agza ýurtlaryň döwlet we gümrük edaralarynyň, synçylaryň — TRACECA maksatnamasyny ulanyjy hökmünde Türkmenistanyň hem-de onuň hyzmatdaşy bolan BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň wekilleri girdiler.

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary A.Asawbaýew taslama badalga bermegiň dabarasyna gatnaşyjylaryň öňünde göni sanly ulgam arkaly çykyş edip, bu günki wakanyň ähmiýetini aýratyn nygtady hem-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ornaşdyrmagyň Aşgabat prosesiniň çäklerinde ýükleri ibermegiň dünýä derejesindäki halkasyny sanlylaşdyrmaga wajyp goşant boljakdygyny belledi. Başgaça aýdylanda, halkara ulag geçelgesiniň sanly maksatnamasyny durmuşa geçirmek ulaglaryň dürli görnüşlerini birleşdirýän sebitleýin sanly ulgamy döretmäge mümkinçilik berer. Munuň özi TRACECA agza ýurtlaryň köpüsiniň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa döwletleriniň deňze çykalgasynyň ýokdugy göz öňünde tutulanda aýratyn wajypdyr.

Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasyna Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy B.Karimow hem-de sebitiň ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda XXI asyryň üçünji onýyllygynyň sepgidinde dünýä ykdysadyýetiniň ykdysady we ösüş ýagdaýlarynyň dürli sebitleriňdir yklymlaryň döwletlerini baglanyşdyrýan multimodal geçelgeleriň ugrunda ulag işlerini dolandyrmagy amatly ýagdaýa getirmek maksady bilen, bir nusga getirilen Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga aýratyn zerurlygyň dörändigi nygtaldy.

Häzir uzak aralyklara halkara gatnawlaryň ählisi diýen ýaly multimodaldyr, ýagny ýük islendik serhetüsti ulag-logistik halkada ulaglaryň ençeme görnüşiniň ulanylmagy arkaly ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, köplenç, ýükleriň saklanylmagy, şol sanda gümrük amallary bilen baglanyşykly bökdençlikler ýüze çykýar. Iň täze tehnologiýalar esasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň ulanylmagy arkaly dünýäniň ulag ulgamyna sanly mümkinçiligiň ornaşdyrylmagy gümrük kepilligi we ätiýaçlandyrmasy tertibini ýaýratmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de munuň özi başlangyç nokatdan bellenen nokada çenli ýoluň tutuş dowamynda harytlaryň hem-de ulag serişdeleriniň barşyny gözden geçirmegi üpjün eder.


düýn 21:31
630

Daşkentde Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwdany ýeňilleşdirmek boýunça milli komitetleriniň 12-nji sebitleýin ýygnagy geçirildi. Bu çäre Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýeti (GIZ) tarapyndan Germaniýanyň...

düýn 17:04
3.1k+

Katar bilen Türkmenistan 28 ýyllyk hyzmatdaşlykda 36-dan gowrak şertnama baglaşdy

1996-njy ýylyň 22-nji noýabrynda Katar bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şondan bäri ýurtlar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan 36-dan gowrak şertnama we Ähtnama gol...

düýn 15:59
2.4k+

7-nji dekabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça kabul edişlik bolar

7-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Jemgyýetçilik kabul...

düýn 11:27
2.3k+

26-27-nji noýabrda Aşgabatda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça maslahat we sergi geçiriler

26-27-nji noýabrda Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärelere görülýän taýýarlyk barada Ministrler...