2025-nji ýylda Galaxy Z Galaxy S-denem meşhur bolar

  • 17.08.2022 17:30
  • 15k+

Samsung kompaniýasy eplenýän smartfonlaryň bazary üçin uly meýilnamalarynyň bardygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Mobil bölüminiň ýolbaşçysy eplenýän Galaxy Z smartfonlarynyň, öňdebaryjy model bolan Galaxy S-e garanda, täze müşderileri üç esse artyk özüne çekýändigi barada gürrüň berdi. Agzalan ýagdaýda öň beýleki brendleriň smartfonlaryny ulanýan ulanyjylar göz öňünde tutulýar, ýagny eplenýän Samsung smartfonlary owal Samsungyň adaty smartfonlaryny saýlamadyk adamlary özüne çekýär.
Şeýle-de, kompaniýanyň aýtmagyna görä, Galaxy Z-niň hataryndakylar loýallygy saklamagyň hötdesinden örän gowy gelýärler: bu smartfonlarda degişli görkeziji Galaxy S-iňkä garanda 10% ýokary.
Şu aýdylanlary göz öňünde tutsaň, 2025-nji ýylda Galaxy Z smartfonlarynyň, Galaxy S-iň hataryndakylara garanda, has geçginli boljakdygy geň zat däl.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...