Boeing bir ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji 787 Dreamliner uçaryny iberdi

Boeing bir ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji 787 Dreamliner uçaryny iberdi

Boeing Co amerikan konserni bir ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji 787 Dreamliner uçaryny iberdi, ony American Airlines Group awiakompaniýasy alar. Bu barada interfax.ru habar berýär.

“787 American Airlines flotunyň möhüm bölegi hasaplanýar we bu biziň şu ýyl almagy meýilleşdirýän dokuz uçarymyzyň ilkinjisidir” – diýip, awiagatnadyjynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Robert Isom belleýär.

Boeing-iň wekilleri 787 Dreamliner üçin nobatda duran indiki awiakompaniýa barada soralanda, geljekki iberilişleriň tertibi barada aýtmakdan boýun gaçyrdylar. 
Bu uçar modeliniň üpjünçiligi hil meselesi sebäpli 2021-nji ýylyň iýun aýynda togtadyldy. Şol bir wagtyň özünde tutuş dünýä boýunça awiakompaniýalar 1 müňden gowrak Dreamliner uçaryny ulanmagy dowam etdirýär.
Çarşenbe güni Boeing paýnamalarynyň bahasy 2,5% ýokarlandy. Kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy şu ýylyň başyndan bäri 16% pese gaçdy, bu döwürde Dow Jones Industrial Average fond indeksi 8,3% peseldi.
American Airlines-iň kagyzlarynyň bahasy çarşenbe güni 3,1% ýokarlandy, ýöne şu ýyl 16,1% peseldi.