FIFA Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanjak senesini üýtgetdi

  • 12.08.2022 15:02
  • 22k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanjak senesiniň 21-nji noýabrdan 20-nji noýabra geçirilmegini biragyzdan makullady. Bu barada guramanyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Kataryň topary Ekwadoryň milli ýygyndysy bilen bir gün öň – 20-nji noýabrda oýnar.

“Katar Ekwador bilen 20-nji noýabrda, ýekşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 19:00-da oýnar. Oýun we “Al-Baýt” stadionynda geçiriljek ýaryşyň açylyş dabarasy FIFA-nyň Geňeş býurosy tarapyndan biragyzdan kabul edilen karardan soň bir gün süýşürildi. Şunuň bilen baglylykda Senegal bilen Niderlandlaryň duşuşygy 21-nji noýabr, duşenbe güni sagat 13:00-dan 19:00-a geçirildi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle karar ýaryşyň hojaýyn toparynyň adat boýunça çempionaty açmalydygy, ýöne häzirki tertipnamada Katar bilen Ekwadoryň oýnundan öň Niderlandlar – Senegal we Angliýa – Eýran oýunlarynyň bardygy, sebäbi aprel aýynda FIFA-nyň A toparda katarlylaryň ekwadorlylar bilen duşuşygynyň başlanmagyny Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-dan 21:00-a geçirendigi bilen baglanyşyklydyr. Tertipnama üýtgän halatynda Kataryň Ekwador bilen duşuşygy bir gün öň geçirilip, ýene-de ýaryşda ilkinji bolar. 
Tertipnamany üýtgetmek baradaky karar FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň we alty futbol konfederasiýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ses bermek arkaly kabul edildi.
Şeýlelik bilen, ilkibaşda 21-nji noýabra meýilleşdirilen Katar bilen Ekwadoryň arasyndaky oýun 20-nji noýabrda ýerli wagt bilen sagat 19:00-da (Grinwiç boýunça 16:00) geçiriler, ilkibaşda 21-nji noýabra, ýerli wagt bilen 13:00-a (Grinwiç boýunça 10:00) meýilleşdirilen Senegal bilen Niderlandlaryň arasyndaky oýun bolsa şol gün 19:00-a geçirildi.


düýn 17:19
5.3k+

“Bawariýa” 750 oýundan soň Tomas Mýuller bilen hoşlaşdy

Hüjümçi Tomas Mýuller Mýunheniň “Bawariýasy” üçin soňky oýnuny oýnap, kluby erkin agent hökmünde terk etdi. 5-nji iýulda Klublaýyn dünýä çempionatynyň “PSŽ-ä” garşy çärýek oýny (0:2) 35 ýaşly germaniýaly üçin klubuň köýnekçesinde iň soňky oýun boldy...

düýn 13:23
7.2k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynyň petekleri 473 dollardan 13 dollara çenli arzanlady

Klublaýyn dünýä çempionatynyň “Çelsi” bilen “Fluminenseniň” arasyndaky ýarym finaly üçin petekleriň bahasy üç günde 473,9 dollardan 13,4 dollara çenli arzanlady. The Athletic-iň habar berşi ýaly, bu 35 esseden gowrak arzandyr...

07.07.2025 18:12
7.9k+

Meksika KONKAKAF Kubogynyň finalynda ABŞ-ny utdy

ABŞ-nyň milli ýygyndysy Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň we Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň (KONKAKAF) Altyn kubogynyň finalynda Meksikadan 1:2 hasabynda utuldy. Oýun Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde geçirildi...

07.07.2025 10:47
3.2k+

Messi we adidas täze Superstar krossowkasyny çykardy

Futbolçy Lionel Messi adidas brendi bilen täze hyzmatdaşlygyny – iki reňkde Superstar krossowkasyny hödürledi. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Modelleriň biri Messiniň 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýän “Inter Maýami” klubundan ylham alýar...