OPEC+ ýurtlary sentýabrda nebitiň çykarylyşyny artdyrar

  • 05.08.2022 19:51
  • 7.5k+
OPEC+ ýurtlary sentýabrda nebitiň çykarylyşyny artdyrar

Nebiti eksport edýän ýurtlaryň we oňa girmeýän döwletleriň (OPEC+) guramasynyň ministrleri sentýabr aýynda çig malyň çykarylyşyny gije-gündiziň dowamynda 100 müň barrele çenli artdyrmagy şertleşdiler. Bu barada bileleşigiň 31-nji duşuşygynyň jemlerine bagyşlanan beýanatda aýdylýar.

Resminama laýyklykda, Russiýa we Saud Arabystany her ýurt üçin gije-gündiziň dowamynda 26 müň barrel nebit gazyp almak barada ylalaşdylar. 
Guramanyň indiki duşuşygy 5-nji sentýabrda geçer. OPEC+ koalisiýasyna 10 ýurt girýär - olar Russiýa, Oman, Sudan we Günorta Sudan, Azerbaýjan, Gazagystan, Bahreýn, Bruneý, Malaýziýa, Meksikadyr.


şu gün 09:06
1.9k+

“Türkmengaz” DK gyş möwsümine taýýarlyk görýär

“Türkmengazüpjünçilik” we “Türkmengazakdyryş” birleşikleri tarapyndan içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz hem ygtybarly üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bu barada wise-premýer B.Amanow...

16.11.2024 19:20
6.1k+

“Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Bu barada wise-premýer B.Amanow anna güni Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna...

05.11.2024 14:40
2.3k+

OPEK+ ýurtlary ýanwara çenli nebit önümçiligini artdyrmazlyk kararyna geldi

OPEK+ ýurtlary 2024-nji ýylyň ahyryna çenli nebitiň gazylyp alynmagyny artdyrmazlyk kararyna geldi. Guramanyň saýtynda habar berlişi ýaly, geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri hereket edýän önümçiligi günde 2,2 mln...

03.11.2024 08:17
16k+

Türkmenistan GDA-da dizel ýangyjynyň elýeterli bahasy boýunça birinji orny eýeleýär

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda dizel ýangyjynyň baha taýdan elýeterliligi boýunça birinji orny eýeleýär. Bu barada “Kazinform” halkara habarlar agentligine salgylanyp, Orient ýazýar. Global petrol Prices...