Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Liwanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 04.08.2022 21:30
  • 13k+

2-nji awgustda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde ynanç hatyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, dabaranyň dowamyndaky gürrüňdeşlikde ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Aunyň adyna ýollan salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Prezident Mişel Aun hem, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidentine gyzgyn we mähirli salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi we Türkmenistan bilen Liwan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkidiljekdigine uly ynam bildirdi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......