«Traktor» Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji oýnuny 22-nji awgustda geçirer

  • 04.08.2022 08:33
  • 17k+

22-nji awgustda Eýranyň futbol boýunça çempionatynda, başgaça aýdylanda, Pars aýlagynyň Pro-ligasynda belli türkmen tälimçisi Gurban Bediýewiň ýolbaşçylygyndaky töwrizli "Traktor" kluby öz ilkinji resmi oýnuny oýnar.

Ýatlatsak, geçen möwsümde  Eýranyň «Traktory» çempionaty baryp-ha 13-nji orunda tamamlandy, 22-nji awgustda töwrizlileri kabul etjek sirjanly "Gol Gaharom" bolsa ýurduň çempionatynda 4-nji orny eýeledi.
5 günden soň, 28-nji awgustda "Traktor" "Zob Ahan", 4-nji sentýabrda "Fulad" kluby bilen oýnar, 9-njy sentýabrda topar "Malawan" bilen duşuşar, 14-nji sentýabrda bolsa töwrizli klub "Alýuminium Arakyň" garşysyna çykyş eder.


şu gün 13:33
1.4k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda “Inter” “Fluminenseden”, “ManSiti” “Al-Hilýaldan” utuldy

ABŞ-da geçirilýän futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda Milanyň “Interi” garaşylmadyk ýagdaýda “Fluminenseden” 0:2 hasabynda utuldy. Toparlar Şarlottdaky “Bank of Amerika” stadionynda oýnady...

düýn 11:10
6.9k+

«PSŽ» «Bawariýa» bilen duşuşar: Klublaýyn dünýä çempionatynyň ikinji çärýek finalçylary belli boldy

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň pleý-off oýunlarynyň 1/8 finalynyň ýene iki duşuşygy tamamlandy. Olaryň netijesinde ýaryşyň dörtden bir finalynyň ikinji garşydaş toparlary belli boldy. “PSŽ” “Inter Maýamini” jogapsyz 4:0 hasabynda utdy...

düýn 08:36
4.5k+

«Monako» Pol Pogba bilen gol çekişdi

Fransiýanyň “Monako” futbol kluby 32 ýaşly ýarymgoragçy Pol Pogba bilen şertnama baglaşandygyny resmi web sahypasynda habar berdi. Şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendir. Pogba futbol karýerasyna Parižiň “Ruassi-an-Bri” we “Torsi” atly höwesjeňler klublarynda başlady...

29.06.2025 14:18
4k+

«Çelsi» we «Palmeýras» ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynyň çärýek finalynda duşuşarlar

San-Paulu şäheriniň «Palmeýras» we Londonyň «Çelsi» toparlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilýän 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň ilkinji çärýek finalçylary boldular. 1/8 final tapgyrynda «Palmeýras» Rio-de-Žaneýro şäheriniň «Botafogo» toparyny ýeňdi...