Urugwaý, Argentina, Paragwaý we Çili DÇ-2030 geçirmäge arza berdiler

  • 03.08.2022 23:03
  • 7k+

Urugwaý, Argentina, Paragwaý we Çili 2030-njy ýylda dünýä çempionatyny geçirmäge bilelikdäki arzasyny berdiler diýip, Frans Press agentligi ýazýar. Arzanyň resmi taýdan taýýarlanyş dabarasy 1930-njy ýylda futbol boýunça ilkinji dünýä çempionatynyň geçen ýeri bolan Urugwaýyň paýtagty Montewideonyň "Sentenario" stadionynda geçdi. Şol wagt çäräni geçirmek üçin 90 müň tomaşaça niýetlenen meýdança gurlupdy.

"Biz futbolyň taryhynyň başlanan ýerinde durus. Bu hökümet taslamasy däl-de, tutuş yklymyň arzuwy. Dünýäniň çempionatlary başga-da bolar, ýöne ýüz ýyllyk diňe bir gezek bellener" - diýip, Futbolyň Günorta Amerika konfederasiýasynyň (KONMEBOL) prezidenti Alexandro Dominges mälim edýär.

Öň mälim bolşy ýaly, dört ýurduň prezidenti 1930-njy ýylda Urugwaýda geçen birinji dünýä çempionatynyň 100 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlap, 2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny guramak üçin bilelikdäki arza bilen tanyşdyrmagy karar etdiler.
Iň ýakyndaky dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabryndan 18-nji dekabry aralygynda Katarda geçer.


düýn 23:00
895

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......