Xiaomi ýelpewaç oturdylan goştorba hödürledi

  • 01.08.2022 12:21
  • 12k+

Xiaomi kompaniýasynda Korin aýrybaşga brendli täze önüm - sowadyjy ulgamy bolan goştorba çykardylar. Onuň arka tarapy tizligi minutda 3500 aýlawly pyrlanýan ýelpewaç bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň gurluşynda energoeffektiw motor ulanylýar.

Bu bolsa, ulanyjy goştorbany arkasynda göterip barýarka, onuň ýagyrnysyny salkynladyp durmaga mümkinçilik berýär. Onsoňam, onuň arka tarapyna noutbuk hem salyp bolýar, ulgam ony-da sowadyp durýar, bu tomsuň jokrama yssysynda hasam wajypdyr.
Täze haryt suw geçirmezek materiallardan bejerilendir, goştorbanyň içine smartfon, klawiatura, syçan, gapjyk, gulaklyklar, noutbuk we saýawan sygýar diýip, öndüriji belleýär. Mobil gurluşlara zarýad  bermek üçin daşky USB porty bar. Şeýle-de, goştorbany çemedana daňmak üçin karabinli ýörite kemerjikler hem göz öňünde tutulypdyr.


16.04.2026 16:25
1.3k+

Sanly gandallar: işjeň çatlar we habarlar boş wagtyňy nähili ogurlaýar

Bir wagtlar iş güni işgärleriň ofisden çykmagy bilen gutarýardy. Häzirki wagtda işgäriň ýene işe dümtünip galmagy üçin ýekeje habaryň gelmegi ýeterlik....

16.04.2026 14:36
3.5k+

Alymlar çipsiz, batareýasyz ýa-da elektrik energiýasyz mehaniki kompýuter döretdiler

ABŞ-nyň keramatly Olaf kollejiniň we Sirakuza uniwersitetiniň alymlary pruzinalara we polat elementlere esaslanyp işleýän özboluşly hasaplaýyş ulgamyny döretdiler. Enjam elektrik energiýasyz, çipsiz ýa-da......

15.04.2026 14:15
2.1k+

Huawei Pura 90 Pro we Pro Max modellerini yglan etdi: ilkinji suratlar peýda boldy

Huawei täze flagman smartfonlar seriýasy bolan Pura 90-yň çykaryljakdygyny habar berdi. Bu seriýa Pura 90 Pro we Pura 90 Pro Max modelleri girer. Olar 20-nji aprelde Hytaýda tanyşdyrylar. Kompaniýa bu gezek......

14.04.2026 16:42
2.8k+

iPhone bejermek üçin iň ýaramsyz smartfon diýlip ykrar edildi

Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we jemgyýetiň bähbitlerini öňe sürmek bilen meşgullanýan amerikan täjirçilik däl guramalarynyň federasiýasy U.S. PIRG bejerilmesi kyn smartfonlar baradaky «Failing the Fix»......