Fransiýanyň 96 departamentiniň 93-sinde suwuň sarp edilişi çäklendirildi

  • 30.07.2022 23:56
  • 10k+

Fransiýanyň Ýewropa böleginiň 96 departamentinden 93-sinde yssy we gurakçylyk sebäpli suwdan peýdalanmakda çäklendirmeler girizildi diýip, BFMTV habar berýär. 93 departamentden 46-synda ýagdaý agyr diýip hasaplanýar.

Çäklendirmelere bellenen sagatlarda bag-bakjalary suwarmagy gadagan etmek we bir topar ulanyjylaryň, şol sanda oba hojalyk kärhanalarynyň suwuny kesmek degişli. Suw bilen üpjünçilikde keselhanalar, ýangyn gulluklary, içimlik suwy ulanyjylar artykmaçlykdan peýdalanýarlar.Ekologiýa ministrliginiň belleýşi ýaly, administratiw çäreler diňe Pariže we O-de-Sen we Sen-Sen-Deni  departamenlerine galtaşmady.
Meteo-France-iň maglumatlaryna görä,  2022-nji ýyl  gözegçilikleriň taryhynda 1959-njy ýyldan bäri iň gurak gelen ýyl bolupdyr. Aýyň başynda  birnäçe gezek   çabga geldi diýäýmeseň,  ýurda ygal juda az düşüpdir.


07.08.2025 18:06
13k+

Fransiýanyň günortasynda 1949-njy ýyldan bäri iň uly tokaý ýangyny lowlaýar

Fransiýanyň günortasynda 1949-njy ýyldan bäri iň uly tokaý ýangyny dowam edýär. Ot ýüzlerçe ýerli ýaşaýjylaryň göçürilmegine getirdi diýip, BFM TV habar berýär. Ýangyn-halas ediş gullugynyň başlygy Kristof Maniniň aýtmagyna görä, alaw 16 müň gektary gurşap aldy we 90 kilometre ýaýrady...

09.03.2025 07:14
4.5k+

Pariž demirýol menzilinde Ikinji jahan urşunda göçmän galan snarýad tapyldy

Parižiň merkeziniň demirgazygynda ýerleşýän Sen-Deni kommunasyndaky demir ýollaryň üstünden Ikinji jahan urşunda göçmän galan snarýad tapyldy. Ony demirýol işçileri anna güni ir bilen sagat dört töweregi tapdylar...

13.09.2025 15:05
6.7k+

Alýaskadaky derýa baky doňaklygyň eremegi sebäpli mämişi reňke boýaldy

Bir wagtlar arassa suwy bilen tanalýan Alýaskanyň demirgazyk-günbataryndaky Salmon derýasy soňky ýyllarda ep-esli üýtgedi. 1977-nji ýylda ýazyjy Jon Makfi ony "meniň öňde-soňda gören iň arassa suwum" diýip häsiýetlendirdi...

13.09.2025 13:03
4.9k+

Alymlar 13-14-nji sentýabrda magnit hadysalarynyň bolmagyny çaklaýarlar

13-14-nji sentýabrda Ýer ýüzünde G2–G3 derejesindäki (bäş derejeli şkalada ikinji we üçünji dereje) magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy hem-de Gün–Ýer fizikasynyň Sibir bölüminiň institutynda habar berildi...