Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işi has-da kämilleşdiriler

  • 30.07.2022 23:50
  • 6.6k+

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň Düzgünnamasyny kämilleşdirmek boýunça teklipler işlenip taýýarlanyldy. Bu barada 29-njy iýulda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew habar berdi.

Hususan-da, maglumat hyzmatlaryny hödürlemek hem-de bahalaryň elektron maglumatlar binýadyny döretmek, bahalaryň binýady esasynda daşarky we içerki söwda şertnamalaryny seljermek, birža amallaryna gatnaşýan taraplary okatmak, hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ygtyýarlyklary we borçlary kesgitlemek, maddy däl gymmatlyklary bellige almaga degişli bolmadyk şertnamalaryň sanawyna goşmak teklip edilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklarynda möhüm ulgam, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegleri aýdyň görkezýän kuwwatly maglumat-seljeriş edarasydygyny belläp, wise-premýere bu ugurda geçirilýän işleri seljermek hem-de birža söwdasyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......