ABŞ-da üçünji syýasy partiýany dörederler

  • 29.07.2022 15:00
  • 6.9k+

ABŞ-nyň Respublikanlar we Demokratlar partiýalarynyň ozalky agzalary ýurtda üçünji syýasy partiýanyň döredilýändigini mälim etdiler. Bu barada Trend habar berýär, Reuters habar berýär.

Partiýany millionlarça nägile saýlawçylara ýüzlenmek üçin dörederler.
Agentligiň bellemegine görä, partiýa üç syýasy güýjüň: «Serve America Movement» guramasynyň, «Renew America Movement» hereketiniň we demokratlaryň tarapyndan Amerikanyň prezidentligine öňki dalaşgär Endrýu Ýang tarapyndan esaslandyrylan «Forward Party» partiýasynyň goşulyşmagyndan döredildi.

"Sişenbe güni (27-nji iýul) Respublikanlar we Demokratlar partiýalarynyň düzümine girýän onlarça öňki wezipeli adamlar, olaryň pikiriçe,  Amerikanyň herekete ukypsyz iki partiýaly ulgamyndan nägile millionlarça saýlawçylara ýüzlenmek üçin üçünji bir täze milli syýasy partiýanyň döredilýändigini mälim etdiler" - diýip, Reuters habar berýär. 

Nýu-Jersi ştatynyň öňki gubernatory, Respublikanlaryň partiýasyndan bolan Kristin Uitman bilen Demokratlaryň partiýasyndan, prezidentlige öňki dalaşgär Endrýu Ýang ikisi "Forward (Öňe)" atlandyrylan partiýanyň ilkibada bilelikde başlyklary bolarlar. 
Güýz baştutanlar saýlawçylar toparynyň goldawyndan peýdalanmak üçin 20 şäherde çäreleriň birtoparyny geçirerler. Resmi taýdan açylyşy 24-nji sentýabrda Hýustonda, partiýanyň ilkinji gurultaýy bolsa indiki ýyl geçer.


24.11.2025 14:23
10k+

Altyn ätiýaçlygy boýunça ýurtlaryň infografikasy: Merkezi banklar ony çökgünlikden goranmak üçin ýygnaýarlar

Altyn iň ygtybarly we wagtyň synagyndan geçen gymmatly serişdeleriň biri bolmagynda galýar. Bütin dünýädäki Merkezi banklar onuň gorlaryny artdyrmagyny dowam etdirýärler, bu bolsa 2025-nji ýylda metalyň bahalarynyň rekord derejede ýokarlanmagyna getirdi...

19.11.2025 23:16
18k+

Tramp Ak tamda Ronalduny kabul etdi we ony ähli döwrüň iň beýik oýunçysy diýip atlandyrdy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hormatly myhman hökmünde Ak tama bardy we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň maşgalasy bilen tanyşdy diýip, ESPN habar berýär. Sişenbe güni Tramp Waşingtonda Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salmany kabul etdi...

13.11.2025 10:46
12k+

ABŞ-da taryhda iň uzak dowam eden "şatdaun" tamamlandy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň taryhynda iň uzak dowam eden hökümet işiniň togtadylmagyna (“şatdaun”) nokat goýup, wagtlaýyn maliýeleşdirmäge degişli kanuna gol çekdi diýip, CNN habar berýär. Şeýlelikde, 40 günden gowrak dowam eden federal hökümetiň işiniň togtadylmagy resmi taýdan soňlandy...

10.11.2025 18:17
13k+

Tramp ABŞ-nyň raýatlaryna paç girdejilerinden 2 müň dollar tölemäge wada berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hökümetiň gümrük paçlaryndan alnan girdejilerden ähli raýatlara 2 müň dollardan tölejekdigini aýtdy. Bu barada ol özüniň Truth Social sosial ulgamynda ýazdy. “Her bir adama azyndan 2000 dollar möçberde töleg tölener (ýokary girdejili adamlary hasaba almazdan...