Maýmyn mamasy saglygy goraýyşda adatdan daşary ýagdaý diýlip yglan edildi

  • 24.07.2022 12:30
  • 38k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus maýmyn mamasynyň ýaýrawyny saglygy goraýyş pudagynda halkara derejesinde howsala döredýän adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi. Degişli çözgüdiň kabul edilendigi barada ol brifingde mälim etdi diýip, TASS habar berýär.

“Bizde doly öwrenilmedik täze geçiş usullary arkaly bütin dünýäde çalt ýaýran we halkara lukmançylyk-sanitariýa düzgünleriniň kriteriýalaryna laýyk gelýän kesel ýaýrawy bar. Şol sebäpli men maýmyn mamasynyň global ýaýrawynyň saglygy goraýyş pudagynda halkara derejesinde howsala döredýän adatdan daşary ýagdaýdygy baradaky netijä geldim” – diýip, ol belledi.

Öň, BSGG-niň adatdan daşary komiteti 21-nji iýulda geçirilen ikinji duşuşygynda bu mesele boýunça ylalaşyk gazanyp bilmedi.
Guramanyň maglumatlaryna görä, “häzirki wagtda 75 ýurtda we sebitde 16 müňden gowrak kesel hadysasy we bäş ölüm hadysasy hasaba alyndy”. 

“Maýmyn mamasynyň ýaýramak töwekgelçiligi global derejede we Ýewropadan başga ähli sebitlerde ortaça hasaplanýar. Şeýle-de, halkara derejesinde dowamly ýaýramak töwekgelçiligi bar, muňa garamazdan kesel ýaýrawynyň halkara hereketlerinde päsgelçiliklere getirmek ähtimallygy pes bolmagynda galýar” – diýip, Gebreýesus belledi.

BSGG-niň ýolbaşçysy häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň kesel ýaýrawyny göz astyna almak we wirusyň geçişini saklamak üçin ähli gurallarynyň bardygyny aýtdy. Guramanyň wekilleriniň maglumatlaryna görä, häzire çenli kesel hadysasy ýüze çykarylan ýurtlaryň ýarysyna golaýy sanjymlara elýeterli boldy. 


düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......