Türkmenistan we Gruziýa özara gatnaşyklaryny giňeltmegi maksat edinýär

  • 21.07.2022 00:28
  • 7.9k+

20-nji iýulda Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Olaryň dowamynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine deglip geçildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hökmünde kesgitläp, netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin häzirki döwrüň täze çemeleşmeleri talap edýändigini nygtadylar. Haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, özara iberilýän önümleriň sanawyny giňeltmek babatda uly mümkinçilikler bar. Ulag-aragatnaşyk ulgamy häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, esasy ugurlaryň hatarynda bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar utgaşykly üstaşyr ulag we logistik düzümleri döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýygnananlar taraplaryň bu ulgamda umumy gyzyklanmalarynyň bardygyny belläp, şunda Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň hyzmatdaş hökmünde çykyş edýändiklerini nygtadylar. Wekiliýetleriň agzalary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde energetika pudagyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler.
Gepleşikleriň jemleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......