Apple-iň täze iPhone 14 smartfonlarynda Sim-kartlardan el çeker

  • 19.07.2022 16:24
  • 32k+

Ýewropada we Aziýada eSIM tehnologiýasy uly meşhurlyga eýe bolýar, Apple-iň hem iPhone 14 smartfonlarynda fiziki SIM-kartlar üçin slot (ýer) bolmaz diýip, gazeta.ru ýazýar.

Apple, megerem, iPhone-nyň birnäçe modifikasiýasyny - hem fiziki we sanly SIM-kartlysyny, hem-de diňe eSIM bilen işleýänini çykarar. Ýagny kompaniýa köpçüligiň bazary üçin SIM-kart goýup bolýan modeli hem saklar.
Smartfonyň tora eSIM-iň üsti bilen çatylýan görnüşi diňe bu adybir tehnologiýanyň giňden ýaýran ýurtlarynda satylsa gerek.
eSIM tehnologiýasy ilkinji gezek iPhone Xs we Xr-de peýda bolupdy. iPhone 13-iň çykmagy bilen, kompaniýa ulanyjylara birbada iki eSIM ulanmaga mümkinçilik döretdi.


şu gün 01:26
468

Counterpoint dünýäde iň meşhur simsiz nauşnikleri saýlady

Apple AirPods nauşnikleri TWS-garnituralarynyň segmentinde iň köp satylýan model boldy. Apple korporasiýasy simsiz nauşniklaryň dünýä bazarynda öňdebaryjy bolmagyny dowam etdirýär. Oňa bazaryň tas dörtden bir bölegi degişli diýlip, Counterpoint Research gözleg kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar...

düýn 20:43
1k+

Apple “F1” filminiň üstünliginden soň hakyky ýaryşlary ýaýlyma bermäge hukuk almak isleýär

Apple ABŞ-da “Formula-1” ýaryşlaryny ýaýlyma bermäge hukuk satyn almak barada onuň häzirki eýesi ESPN bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Financial Times ýazýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple-iň islegi Bred Pittiň gatnaşmagyndaky “F1” filminiň üstünliginden soň güýçlendi...

09.07.2025 10:34
4.2k+

Apple iPhone-yň çäge, duzly suw we asfalt synaglaryna nähili çydaýandygyny görkezdi

Apple kompaniýasy iPhone-y adatdan daşary ulanyş şertlerinde nähili synagdan geçirýändigini görkezdi. Kompaniýanyň synag barlaghanalarynyň birine WWDC 2025 konferensiýasyna käbir gatnaşyjylar, şol sanda Counterpoint portalynyň analitikleri çagyryldy...

08.07.2025 17:40
3k+

ÝB-de smartfonlar indi batareýalaryň ömrüni görkezýän bellik bilen belgilenýär

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda elektron gurluşlaryň sarp ediji aýratynlyklaryny, şol sanda akkumulýatoryň çydamlylygyny bellik arkaly görkezmegi göz öňünde tutýan täze düzgünler hereket edip başlady. Akkumulýatoryň ömrüni kesgitlemek üçin zarýad sikliniň – batareýanyň doly zarýadsyzlanmagynyň we ýene zarýad almagynyň sany ölçenýär...