Serdar Berdimuhamedow Yslam Karimowyň mawzoleýinde gül goýdy

  • 15.07.2022 16:00
  • 16k+

Şu gün — Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde dostlukly ýurduň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowy hatyralady. Şunda sapar wagty belent mertebeli türkmen myhmanynyň ýanynda bolmak üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hem Samarkanda gelendigini nygtamaly. 

"Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Özbegistanyň görnükli syýasy işgäri, ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hormatyna Samarkantda gurlan mawzoleýe baryp, gül dessesini goýdy we däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşan görnükli döwlet işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralady.

Ýeri gelende bellesek, bu mawzoleý Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy bilen gurlup, ýurduň ilkinji Prezidentiniň doglan gününiň 80 ýyllygynyň bellenilen gününde — 2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda açyldy. Ol Garaşsyz Özbegistany gurmak ugrunda irginsiz tagalla eden özbek halkynyň wepaly oglunyň hormatyna gurlan ýadygärlikleriň iň gelim-gidimlileriniň biridir.


şu gün 01:20
2.2k+

Daşary işler ministrligi ukrain teleýaýlymynda Türkmenistan barada berlen ýalan habar boýunça ýazgarma bilen çykyş etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistan barada ýaýradylýan maglumatlar bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy 2025-nji ýylyň...

düýn 11:38
1.9k+

Raşid Meredow Eswatiniden we Lesotodan kärdeşleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Ležone Mpotžoane hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri hanym Folile Şakantu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi...

düýn 10:12
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Tehasdaky suw joşgunlary zerarly ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

düýn 10:01
4.4k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...