iPhone 14 Apple-iň iň gymmat smartfonlarynyň biri bolar

  • 11.07.2022 20:41
  • 21k+

AppleInsider neşiri Wedbush Securities-iň analitigi Den Aýwzyň sözlerini getirýär - ol iPhone 14 Apple-iň iň gymmat smartfonlarynyň biri bolar diýip hasaplaýar. Ol täze çykan smartfonlaryň bahasynyň gymmatdygyny şaý toplumlarynyň gytlygy bilen şertlendirýär. 

Den Aýwz iPhone-nyň önümçiligine gerek şaý toplumlarynyň bahasynyň üpjünçilik zynjyrynyň ählisinde ýokarlanandygyny aýdýar. Çykdajylar kompaniýanyň özüne öwezini dolardan juda gala, şonuň üçinem olary müşderileriň gerdenine ýüklemeli bolýar. Seljerijiniň sözlerine görä, iPhone 14-iň bahasy 100 dollar galar.
Şeýlelikde, tapgyryň kiçi modeli - esasy iPhone 14 - bahasy 900 dollardan başlaýar. iPhone 14 Max üçin (ýa-da iPhone 14 Plus) bolsa eýýäm 1000 dollar bermeli bolar,  iPhone 14 Pro-nyň we iPhone 14 Pro Max-yň esasy wersiýalary üçin 1100 we 1200 dollar sorarlar. Şeýle-de, torda iPhone 14-iň hatarynda 2 TB fleş-ýatly model çykar diýen myş-myşlar peýda boldy. Eger şeýle iPhone 14 Pro Max çykaýan ýagdaýynda-da, onuň bahasy 2000 dollar töwereginde bolsa gerek.
Applelnsider-iň maglumatlaryna görä, Apple ýarymgeçirijileriň gytçylygy sebäpli öz önümleriniň bahasyny galdyrmaga mejbur bolýan ýeke-täk kompaniýa däl.  Edil şunuň ýaly sebäpler bilen bagly Samsung-yň maý aýynda öz çipleriniň bahasyny galdyrmaly bolandygy habar berilýär. 


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...