Gurban baýramy mynasybetli dynç güni 12-nji iýula geçirildi

  • 08.07.2022 23:42
  • 24k+

Türkmenistanda Gurban baýramy şu ýyl 9–10–11-nji iýulda belleniler. Degişli Karara şu gün Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. 

Resminama laýyklykda, 9-njy, 10-njy, 11-nji iýul günleri Türkmenistanda Gurban baýramy diýlip yglan edildi we şol günler işlenilmez. 10-njy iýuldaky dynç güni bolsa 12-nji iýula geçirildi.
Serdar Berdimuhamedow ähli ýolbaşçylara, aýratyn-da, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna baýramçylygy ýokary derejede geçirmek üçin ähli gulluklaryň     goşmaça nobatçylygyny guramagyny tabşyrdy.


düýn 19:48
8.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (30.06 - 06.07)

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +33 ... + 35 gradusdan +39 ... +41 gradusa çenli yssy, gijelerine +22 ... +24 gradusdan +25 ... + 27 gradusa çenli maýyl bolar. Ahal welaýatynda wagtal-wagtal açylýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +31 ...

düýn 13:52
1.2k+

Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan...

30.06.2025 19:40
13k+

Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky amerikaly kantri-rok topary Aşgabatda iki sany konsert bilen çykyş eder

Amerikan sungat ussady Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky kantri rok žanrynda çykyş edýän aýdym-saz topary 2025-nji ýylyň 2-7-nji iýuly aralygynda Türkmenistana sapar bilen geler. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda Aşgabatda konsert bilen çykyş eder...

30.06.2025 18:26
11k+

Ay Yola, Simge, Edis we beýleki dünýä belli aýdymçylar Arkadag şäherinde konsertde çykyş etdiler

29-njy iýunda agşam “Arkadag Binasynyň” öňündäki baýramçylyk meýdançasynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy...