Türkmenistanda birnäçe ýokary okuw mekdebiniň rektory çalyşdy

  • 08.07.2022 23:00
  • 50k+

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine Aknabat Atabaýewa bellenilip, ol Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesine Allaberdi Gapurow bellenilip, ol Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Degişli resminamalara döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi.

Aknabat Atabaýewa öň bilim ministriniň orunbasary bolup işledi, ondan soňra bolsa Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary bolup işleýärdi.
D.Myradow bolsa başga işe geçmegi sebäpli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.
Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesine Döwlet Ýolow bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine Arzygül Orazowa bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


düýn 23:39
947

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......