Saud patyşasy bahalaryň gymmatlamagynyň täsirini ýeňip geçmek üçin 5 mlrd dollardan gowrak bölüp berdi

  • 05.07.2022 15:30
  • 23k+

Saud Arabystanynyň patyşasy Salman ben Abdel Aziz Al Saud bahalaryň ählumumy gymmatlamagynyň täsirlerini ýeňip geçmek we ýurduň ilatynyň has köp mätäçlik çekýän gatlaklary üçin 20 mlrd rial (5,33 mlrd dollar töweregi) bölüp bermek barada görkezme berdi. Bu barada Metbugatyň saud agentligi (MSA) habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Patyşanyň permanyna laýyklykda, 10,4 mlrd rial (2,77 mlrd dollar)  birwagtlaýyn pul geçirmesi görnüşinde sosial üpjünçilik kömegini alýanlara we ownuk maldarlara sarp ediler, şeýle hem bu serişdeleriň agramly bölegi, ýagny 8 mlrd rial (2,13 mlrd dollar) Citizen Account maksatnamasyna gatnaşyjylary goldamaklyga sarp ediler.
2017-nji ýylda goýberilen bu elektron pul kömegi platformasy uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyna we satylyşyna  az garaşly bolmagy gazanmak maksady bilen ýurduň geçirýän dürli ykdysady özgertmeleriniň garaşylýan göni we gytaklaýyn täsirinden saud maşgalalarynyň sosial taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin niýetlenendir.
Agentligiň belleýşi ýaly, puluň galan bölegi esasy harytlaryň strategik ätiýaçlygyny artdyrmaklyga we olaryň patyşalykda zerur mukdarda bolmagyny gazanmaklyga gönükdiriler.


düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......