BYD Tesla-dan öňe geçip, elektrokar satuwy boýunça dünýä lideri boldy

  • 05.07.2022 09:12
  • 7k+

Hytaýyň BYD kompaniýasy şu ýylyň ilkinji alty aýynda 641 müňden gowrak elektromobil satdy. Bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 315% köpdür. Bu barada Hytaýyň HBS-ine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Şeýlelik bilen, hytaý konserni ýarym ýylda 564 müň elektromobil satan Tesla amerikan kompaniýasyndan öňe geçip, elektromobil satuwy boýunça dünýä lideri boldy.
BYD mart aýyndan kompaniýanyň benzin hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiligini bes edendigini habar berdi. Konserniň habarynda geljekde awtomobil biznesiniň elektrik energiýasynda işleýän elektromobillere we gibrid elektromobillere gönükdiriljekdigi bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde, BYD eýýäm benzin hereketlendirijili awtomobillere eýe bolan müşderilere kämilleşdirilen hyzmaty we satuwdan soňky kepilligi hödürlemegi, şeýle-de ätiýaçlyk şaýlaryny ibermegi dowam etdirer.
Häzirki wagtda BYD Hytaýdan başga-da, öz awtoulaglaryny Norwegiýada we Günorta Amerikanyň käbir ýurtlarynda satýar. Konserniň kärhanalarynda hem awtomobilleriň, hem akkumulýatorlar we mikroçipler ýaly bölekleriň önümçiligi alnyp barylýar. Şeýlelik bilen, BYD beýleki üpjün edijilere garaşly bolmaýar.
Hytaýlylar ýakyn wagtda toplumy düzüjileri beýleki awtoöndürijilere ibermegi meýilleşdirýärler. Mysal üçin, BYD elektrokarlar üçin akkumulýatorlary Tesla kompaniýasyna ibermekçi bolýar. 


düýn 23:17
1.5k+

Elektromobil satuwy rekord goýmaga ýakyn: görkeziji 2025-nji ýylda 20 milliondan geçer

Dünýäniň elektromobil bazary okgunly depginde ösmegini dowam etdirýär. Rho Motion gözleg kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, 2025-nji ýylda doly elektrik we birikdirilýän gibrid awtomobilleriň satuwy 17% ýokarlanyp...

29.01.2025 09:56
4.8k+

300 million tehniki gözegçiligiň netijesi: elektrikli ulaglar benzinli ulaglardan ygtybarly bolup çykdy

300 million ulagyň tehniki barlagynyň seljermesi esasynda geçirilen täze barlag elektrikli ulaglaryň ygtybarlylyk we hyzmat ediş möhleti taýdan benzin we dizel bilen işleýän ulaglardan has ýokarydygyny görkezdi...

26.01.2025 23:36
5.1k+

Tesla Hytaýda 1,2 million ulagyny, Xiaomi 30 müňden gowrak SU7-sini yzyna çagyrdy

Tesla Hytaýda ummasyz kän ulagy yzyna çagyrmaga başlady, çagyryş import modelleri hem öz içine almak bilen, 1 207 728 ulaga degişli boldy. Täzelenme programma üpjünçiligine degişli bolar. Kompaniýa regeneratiw...

21.01.2025 14:40
4.2k+

BYD, Nissan we Volkswagen: 2024-nji ýylda Hytaýda iň köp satylan sedanlar we hetçbekler

2024-nji ýylda Hytaýda ýeňil awtoulaglaryň satuwy 3,1% ýokarlanyp, 22,6 milliona ýetdi. Esasy ösüşi Hytaýyň öz öndürijileri üpjün etdi diýip, CarsNewsChina belleýär. Ýerli brendleriň satuwy 23,1% ýokarlanyp, 17...