Türkmenistanyň biržasy: bahasy 15 million dollara golaý 38 geleşik

  • 04.07.2022 09:41
  • 5.4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 800 müň dollaryna barabar boldy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Daşary ýurt puluna  Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri ýerlenildi.
Manat serişdelerine BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplük hem-de pagta soapstogynyň çig ýag turşulygyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 877 müň manatdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 47 million 649 müň manatdan gowrak bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar. 


düýn 21:40
4.5k+

Türkmen diplomatlaryna Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşuryldy

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň...

düýn 13:21
12k+

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Karar kabul etdi...

düýn 13:04
11k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlap täze kitabyny ýazyp tamamlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Bu barada döwlet Baştutany 6-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi...

düýn 12:56
10k+

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 231 raýatyň günäsi geçildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. 6-njy dekabrda geçirilen...