«Milli Ulgam» HJ wýetnam kompaniýasy bilen IT ulgamda hyzmatdaşlyk eder

«Milli Ulgam» HJ wýetnam kompaniýasy bilen IT ulgamda hyzmatdaşlyk eder

«Milli Ulgam» hojalyk jemgyýeti Wýetnamyň «SAVYCOM-Agire Development Company» kompaniýasy bilen IT ulgamda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekişdiler. Degişli resminama 29-njy iýunda Wýetnamyň paýtagty Hanoý şäherinde geçirilen türkmen-wýetnam işewürler forumynyň barşynda gol çekildi.

Ähtnama laýyklykda, «Milli Ulgam» we «SAVYCOM-Agire Development Company» IT çözgütler we howpsuzlyk; önümleri import etmek; bilelikdäki taslamalary guramak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk ederler.

«FPT Software» kompaniýasy bilen IT ulgamda — telekommunikasiýalar, bank ulgamlary we billing ugurlarynda dostlukly gatnaşyklar ýola goýuldy, şeýle hem kompaniýalar ähli täzeçillikleri ara alyp maslahatlaşdylar we aragatnaşyklaryny mundan beýläk hem dowam etmegi ylalaşdylar.
Türkmen-wýetnam işewürler forumyna Wýetnamyň 40-a golaý kompaniýalary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdy.
Forumyň baş maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmekde we söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde täze çözgütleri we çemeleşmeleri işläp düzmek bolup durýar.
Forum iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmege täze itergi berdi.